Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi
“Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri
üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek,
ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň
Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak
bellenildi.
Gurluşyk we
binagärlik ministrligine guruljak täze, döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3
aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk
işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda Gurulýan desgalaryň direksiýasyny
bellenen tertipde döretmek tabşyryldy.