milli goshun logo
Mähirli gutlag
Mähirli gutlag
17.03.2025 160 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Konstantinos Tasulasa Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Konstantinos Tasulasa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Gresiýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.