milli goshun logo
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi
3 gün öň 123 Habarlar

Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Maslahatda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze 2025-2026-njy okuw ýylynda öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahat başlanmazdan öňürti, oňa gatnaşyjylar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergini synladylar hem-de bu ýerde guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa etdiler.

Soňra maslahat öz işine başlap, onda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ýolbaşçylaryna we dürli derejeli wekillerine çykyş etmekleri üçin söz berildi.

Çykyş edenler häzirki wagtda ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uly ähmiýet berlip, täze tehnologiýalar, bilimler we innowasiýalar esasynda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemek babatynda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara, milli we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nygtadylar.