milli goshun logo
Köp çagaly enelere belent sarpa
Köp çagaly enelere belent sarpa
14 sagat öň 23 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly adyň nyşanlaryny, köp çagaly enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi.

Batly ösüşlere öz zähmeti bilen mynasyp goşant goşýan zenanlarymyz, gelin-gyzlarymyz hakynda döwletimiz tarapyndan zerur aladalar edilýär. Belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesilleri terbiýelemekde Watanymyzyň gelin-gyzlarynyň bitirýän hyzmatlary örän uludyr. Çärä gatnaşyjylar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda her bir maşgalanyň abadançylygy, çagalary terbiýeläp ýetişdirmek babatda döredilýän şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

...Şu günki dabaralar hem baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka öwrüldi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän eneler “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp boldular. Munuň özi eneleriň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň, Watanymyzyň rowaçlygyna, gülläp ösüşine goşýan goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändigini görkezýär.

Döwletimiz köp çagaly maşgalalary hemmetaraplaýyn goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ine, şu ýyl hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlykly täze öýleriň eýeleri bolup, uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar. Paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda geçirilen dabara gatnaşyjylar ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, bagtyýar durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek babatda döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller barada edilýän aladalar üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giň gerim aldy. Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpelerden başlap, eneleriň, zenanlaryň, gelin-gyzlaryň hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryna eýe bolmaklary olaryň baýramçylyk şatlygyny has-da belende göterdi.

***

Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren hem-de terbiýeläp ýetişdirýän enelere täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak dabaralary Diýarymyzyň welaýatlarynda-da geçirildi.