milli goshun logo
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady
«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady
13 sagat öň 18 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady.

Serginiň açylyş dabarasy çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.

Sergide Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň milli we halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri uly ekranlarda wideoşekilleriň üsti bilen täsirli beýan edilýär.

Sergide Arkadag şäherindäki Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň saglygyny dikeltmekde ulanylýan usulyýetler barada giňişleýin maglumat berilýär. «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň öndürýän saglygy goraýyş maksatly önümleri sergi-ýarmarka gatnaşyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy.

Paýtagtymyzdaky «Jahan» döredijilik merkeziniň diwarlygy-da aýratyn ünsi çekýär. Döredijilik merkezinde çagalar üçin okuw, sungat we sport ugurly gurnaklaryň 17-si hereket edýär. Merkezde ýaş nesillere milli keşdeçilik, haly dokamak, aýdym-saz sungatyny öwretmek boýunça hem işler alnyp barylýar.

Halkara gözden geçirilişe ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem işjeň gatnaşýar. Dokma senagaty ministrliginiň diwarlygynda dokma we tikinçilik kärhanalary tarapyndan taýýarlanylan, mekdep okuwçylarynyň okuw, bedenterbiýe sapaklarynda, öý şertlerinde geýmekleri üçin lybaslaryň uly toplumy görkezilýär.

Bilim ministrliginiň hem-de sport federasiýalarynyň diwarlyklarynda ýaş nesilleriň bilim almagy, sagdyn ösmegi, döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin döredilýän giň gerimli mümkinçilikler öz beýanyny tapýar.

Gözden geçirilişe Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy hem diwarlygy bilen gatnaşýar.

Telekeçiler okatmagyň öňdebaryjy we netijeli usullaryna esaslanýan bilim merkezlerini esaslandyryp, kämil bilimli, ösen aň-düşünjeli ýaş nesliň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. «Kämil bilim», «Sanly bilim», «Baky Tylla» bilim merkezleri kompýuter we programmirlemäni öwrenmek üçin çuňlaşdyrylan okuwlary hödürleýär. «Halkara audit» okuw merkezi hasaplama ugurly okuwlary guraýar. «Sowatly», «Reňkli dünýä», «Intellect Dom» merkezleri bolsa öwrediji oýunlar arkaly kiçi ýaşly çagalaryň durmuş we pikirleniş endikleriniň kämilleşmekleri üçin okuwlary guraýar, öwrediji gollanmalar bilen üpjün edýär. «IQ 007» merkezinde irki ýaşdan çagalaryň hat ýazuwy we çalt okamagy özleşdirmekleri,  «Kitap» bilim merkezinde olaryň kompýuter tehnologiýalary bilen çagalykdan gyzyklanmaklary üçin ýörite okuw maksatnamalary hereket edýär. Halkara sergi-ýarmarkada çagalar üçin öwrediji gollanmalardyr kitaplaryň söwdasyny etmek babatda «Arsbooka», «Magic book», «Book Club» dükanlarynyň diwarlyklary aýratyn özüne çekýär.

 «Mümkinçilik dünýäsi» hojalyk jemgyýetiniň we «Global education», «Adyl» merkezleriniň işi hut şu ugra ýöriteleşendir. «Uni-Zone” kompaniýasy bolsa Türkiýäniň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamak mümkinçiligini hödürleýär.

Ýurdumyzyň telekeçileri çagalar üçin otaglary bezemekde, ýörite mebelleri ýasamakda hem önümçilik tejribelerini artdyrýarlar. «Mähirli Puf», «Decor Turkmenistan», «Amantaý» kärhanalary serginiň myhmanlaryny bu ugurda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. «Ynamdar» onlaýn dükany dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň çagalar üçin niýetlenen dürli görnüşli harytlarynyň söwdasyny amatly ýagdaýda amala aşyrmak üçin döwrebap hyzmaty hödürleýär. «Balam» çagalar harytlary dükany sarp edijileri kiçi ýaşlylar üçin dürli esbaplar, oýnawaçlaryň dürli görnüşleri bilen üpjün edýär. «Galam» dükany bolsa diňe bir çagalar däl, eýsem, ulular üçin hem dürli kanselýariýa harytlaryny hödürleýär.

Çagalaryň dürli witaminlere baý önümleri iýmekleri olaryň sagdyn ösmeginiň möhüm şertidir. «Vertera» kompaniýasy çagalar üçin dürli witaminler bilen baýlaşdyrylan çaga iýmitlerini hödürleýär. «Täze Aý», «Tudana» haryt nyşanly önümler ýokary hili, gaplanyşynyň özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. «Ýüpekçi», «U&Me Bubble tea» düzümleri tomus paslynda ulular, şol sanda çagalar üçin-de lezzetli bolan miwe suwlary hödürleýär. «Erteki» haryt nyşanly doňdurmalar hem häzirki döwürde geçginli önümlerdir.

«Jan Tehnologiýa» hojalyk jemgyýeti çagalar üçin programma üpjünçiliklerini taýýarlamakda gazananlary bilen sergä gelýänleri tanyşdyrýar. «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem öz öndürýän tehnologik enjamlary bilen sergä gatnaşýar.

«Rishat Events», «JAM Creative», «Party boom», «Femmeli» ýaly düzümler çagalaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli çäreleri, ussatlyk sapaklaryny we oýunlary guraýarlar.

«Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ýurdumyzyň meşhur moda öýleriniň we dizaýnerleriniň çagalar üçin taýýarlan täze lybaslar toplumynyň görkezilişi hem geçirildi. Serginiň çäklerinde çagalar üçin tikin tikmek, lybaslary bezemek, özbaşdak sungat eserlerini döretmek boýunça ýörite tälim beriji sapaklar hem geçilýär.

Serginiň çäginde ýöriteleşdirilen kiberzolaklar, ylym, döredijilik bilen meşgullanmak, tagam taýýarlamak, şeýle hem bäsleşikler üçin zolaklar döredilipdir. Olarda çagalaryň özbaşdak ösüşine ýardam bermek maksady bilen, ussat tälimçi-mugallymlaryň ugrukdyrmagynda dürli çäreler, bäsleşikler guralýar. Bäbekleriň emedekleme ýaryşy, çagalaryň arasynda çalt ýazmak, özbaşdak ýasalan robotlaryň bäsleşikleri şolaryň hataryndadyr. Olarda tapawutlanan körpelerdir ýaşlara çäreleri guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar. Şolaryň arasynda mental arifmetika boýunça çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşik hem ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy.

Ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň çäklerinde ata-eneler çaga terbiýesi we kitap okamagyň peýdasy barada ussat mugallymlardan maslahatlary alyp bilýärler. Ýörite guralýan kitap ýarmarkalarynda çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda hödürlenilýän kitaplar, öwrediji gollanmalar bilen tanşyp bolýar. Gözden geçirilişde iň gowy sergi diwarlygyna onlaýn ses bermek hyzmaty hem ýola goýuldy.

Sergi 23-nji awgusta çenli öz işini dowam eder. Onuň ahyrynda gatnaşyjylara diplomlar gowşurylar.