milli goshun logo
Ilçi işe başlady
Ilçi işe başlady
24.04.2025 87 Habarlar

Düýn – 23-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hrwoýe Swetanowiçden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn, şol sanda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köptaraplaýyn gatnaşyklar barada özara pikir alyşmalar boldy.