milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary başlandy: gün tertibinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy
14 sagat öň 12 Habarlar

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

...Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew mähirli garşylady.

Howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleriniň söhbetdeşligi boldy. Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Özbegistana gelendigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga itergi berjekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Şawkat Mirziýoýewe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, Prezident Şawkat Mirziýoýew bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Özbegistan Respublikasynyň Döwlet baýdagyna hormat-sarpa goýdular.

Soňra Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy.

...Ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan Kongres merkeziniň foýesinde döwlet Baştutanymyzy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Kongres merkeziniň uly mejlisler zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygy geçirildi. Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentleri, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hem gatnaşdylar.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli myhmanlary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi hem-de şu gezekki sammitiň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ol döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda täze — «Merkezi Aziýa we Azerbaýjan» formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmegi bilen gutlady. Soňra duşuşyga gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik hem-de şu sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Ilham Aliýewi Azerbaýjanyň şu formata doly hukukly agza hökmünde goşulyşmagy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz sebit derejesinde, şeýle-de halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde ýakyn syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň sebitiň ähli döwletleriniň bähbidine ykdysady hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegini talap edýändigine ünsi çekip, ulag, energetika, söwda ulgamlaryny, senagat we tehnologik kooperasiýany hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda belledi.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Merkezi Aziýa esasy halkara ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgesi hökmünde garalýar. Ykdysady, maýa goýum işjeňliginiň Gündogar we Günorta Aziýa, Ýakyn we Orta Gündogara geçýändigini nazara almak bilen, sebitimiziň bu ornunyň barha artjakdygy mälimdir. Biziň ýurtlarymyza ulag hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek zerurdyr. Munuň üçin Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşdyrylan geçelgeleri döretmäge girişmek gerek diýip hasaplaýaryn diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de döwrebap, köpşahaly, netijeli, durnukly ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek üçin tagallalaryň birleşdirilmeginiň döwletlerimiziň strategik bähbitlerine laýyk gelýän mynasyp maksatdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem Türkmenistan energetika hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça anyk işleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda gürrüň diňe turba geçirijiler bilen baglanyşykly taslamalar barada barmaýar. Bu gün biz elektroenergetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, sebitimizde we onuň töwereklerinde kuwwatly önümçilik, elektroenergiýa sarp ediş ulgamyny döretmegiň möhümdigini nygtaýarys. Şeýlelikde, bolup biläýjek daşarky oňaýsyz şertleriň täsirine durnukly elektrik üpjünçilik ulgamy üçin ygtybarly serişde binýady dörediler.

Senagatda we obasenagat toplumynda önümçilik zynjyrlarynyň döredilmegini, ýurtlarymyzyň çäklerinde dürli ugurly bilelikdäki kärhanalary döretmäge işewür toparlaryň has işjeň gatnaşmagyny, serhetýaka, sebit söwdasynyň giňeldilmegini wajyp wezipeleriň hatarynda görýäris. Deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak, özara düşünişmek, raýdaşlyk esasynda sebitde suw meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna umyt edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Umuman, sebitde ekologik meselelerde, ilkinji nobatda, Araly halas etmek we çölleşmek ýaly meselelerde bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris. Merkezi Aziýada ekologik meseleleri çözmäge BMG-niň düzümleriniň gatnaşmagyny, sebitde onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň döredilmegini goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Birleşen Milletler Guramasynda ýurtlarymyzyň ylalaşykly ekologiýa diplomatiýasynyň döredilmeginiň, Merkezi Aziýanyň meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsüniň çekilmeginiň zerurdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň sebitiň ýurtlary üçin möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygynda başlyklygy kabul etmek bilen, ýurtlarymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sebitiň daşarky maýa goýumlar we energetika, ulag, kommunikasiýa hem-de beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalar üçin özüne çekijiligini artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdi.

Özbegistanyň Prezidenti çuň manyly çykyşy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara haryt dolanyşygyny artdyrmak, sebit ulag geçelgelerini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmek, serhetüsti suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, «ýaşyl» energetika boýunça taslamalary ilerletmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we onuň täsirlerini peseltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama, şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.