Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk toplumy
ulanmaga berildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň suw hojalyk
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler bilen tanyşdy.
...Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň döwrebaplaşdyrylan «Altyn
halka» döwlet kärhanasynyň maldarçylyk toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Ilki bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz maldarçylyk
toplumynyň edara binasyna baryp, bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Edara binasynda hünärmenleriň öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli
mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Iş otaglary zerur enjamlar, şol sanda
kompýuterler, mebeller we beýleki degişli serişdeler bilen üpjün edilip, olar
bu ugurda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz edara binasynyň sanly ulgam
bölümine bardy. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi bölümiň alyp barýan
işi bilen tanyşdyrdy. Bellenilişi ýaly, bu bölümde toplumyň çäginde we
önümçilik binalarynda alnyp barylýan işlere, idedilýän mallara sanly ulgam
arkaly gözegçilik etmek üçin ähli şertler döredildi.
Maldarçylyk toplumynda saklanýan iri şahly mallar
baradaky maglumatlar ýörite boýunbaglardaky çiplerde ýerleşdirilip, mallara
berkidilýär. Çiplerde her malyň tohum ugry, saglyk ýagdaýy, gündelik sagylýan
süýdüň mukdary, keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän çäreler we beýleki
birnäçe maglumatlar jemlenendir. Bölümdäki ýörite ekranda mallaryň saklanýan
ýerlerini görmek, her bir mal baradaky maglumat bilen tanyşmak bolýar. Beýleki
ekranda bolsa maldarçylyk toplumynyň esasy girelgesinden giriş-çykyşa gözegçilik
edilip, hasaba alynýar. Ýene-de bir ekranda bolsa topluma degişli oba hojalyk
tehnikalary bilen ýerine ýetirilýän önümçilik işlerine gözegçilik etmäge
mümkinçilik bar.
Hünärmen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de Gahryman
Arkadagymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gutlap,
öndürijilikli zähmet çekmäge döredilen şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz toplum bilen tanyşlygyny dowam
etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary T.Atahallyýew «Altyn halka» döwlet kärhanasynyň täze maldarçylyk
toplumynyň işi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, maldarçylyk toplumynyň işini döwrebap
usulda alyp barmak, mallaryň idegini sanly ulgam arkaly dolandyrmak üçin edara,
barlaghana, naharhana binalary hem-de jemi 500 baş maly saklamaga niýetlenen üç
sany bölüm, 200 baş göle saklanýan iki bölüm, sagym bölümi, ot-iým meýdançasy,
ýapyk görnüşli iým ammary hereket edýär. Şeýle hem weterinariýa we karantin
binalary, oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, ýöriteleşdirilen awtoulaglary
saklamak üçin kömekçi desgalar bar.
Wise-premýer hormatly Prezidentimize Ahal welaýatynyň Ak
bugdaý etrabynyň çäginde gurulmagy teklip edilýän, ýylda 15 million ýumurtga we
1000 tonna towuk etini öndürýän guşçulyk hem-de 1000 baş iri şahly maly
saklamaga niýetlenen maldarçylyk toplumlarynyň taýýarlanan şekil taslamalary
barada-da hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagyny özgertmek
boýunça döwlet syýasatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga,
bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini artdyrmaga gönükdirilendigini belläp,
toplumda döredilen döwrebap şertleriň önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga
mümkinçilik berjekdigini aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz barlaghana bölümi bilen
tanyşdy. Bu ýerde hünärmen bölümde ornaşdyrylan enjamlar bilen tanyşdyrdy.
Bellenilişi ýaly, barlaghanada Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň ýokary hilli
enjamlary ornaşdyryldy. Olar taýýarlanylýan iýmleriň, goşundylaryň, däneli
iýmleriň hilini we ýokumlylygyny tiz wagtda barlamaga, iýmleriň çyglylygyny
anyklamaga, suwuklyklaryň turşulygyny kesgitlemäge, takyk ölçegleri geçirmäge,
süýdüň ýaglylygyny, belogyny, dykyzlygyny, laktoza düzümini anyklamaga
niýetlenendir. Olar barlaghanada ýerine ýetirilýän işleri döwrebap usulda
guramaga ýardam berýär. Hünärmen pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
şanly 30 ýyllygy bilen gutlady hem-de ýaş hünärmenleriň zähmet çekmekleri üçin
döredilýän şertlere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hünärmene üstünlikleri arzuw edip,
toplumyň naharhana binasyna bardy. Naharhanada döredilen döwrebap şertler
aşpezlere dürli tagamlary taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Munuň özi Gahryman
Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň iri şahly mallary
saklamak üçin niýetlenen birinji bölümine bardy. Bu ýerde iri şahly mallar üçin
döredilen amatly şertler hem-de döwrebap tehnologiýalar mallaryň önüm
berijiligini artdyrmaga mümkinçilik berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
toplumda işleriň talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belledi we
wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz maldarçylyk toplumynyň sagym
bölümine baryp gördi. Bu bölümde bir wagtyň özünde 40 baş sygyrdan önüm almaga
mümkinçilik bar. Ýokary ygtybarlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan sagym
enjamlarynyň kömegi bilen her sygyrdan alynýan süýdüň möçberiniň hasabaty
ýöredilýär. Sygryň saglyk ýagdaýynda haýsydyr bir üýtgeşmeler ýüze çykan
halatynda, sagym enjamy awtomatik usulda öçýär. Bölümde arassaçylyk düzgünleri
yzygiderli gözegçilikde saklanylýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň gezim
meýdançalarynda iri şahly mallary synlady. Mallaryň ýerli toprak-howa
şertlerine uýgunlaşmaklary üçin toplumyň bölümlerinde kadaly temperatura,
çyglylyk derejesi üpjün edilýär. Şeýle hem wagtly-wagtynda ýörite meýdançalarda
gezdirilip, olaryň kadaly gan aýlanyşygynyň bolmagy gazanylýar. Munuň özi iri
şahly mallaryň et öndürijiligini ýokarlandyrmak, maldarçylykdan alynýan azyk
önümleriniň önümçiligini artdyrmak üçin esas bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň ýaş göleleri hem-de
ene mallary saklamak üçin niýetlenen bölümlerine baryp gördi. Bu ýerde täze
doglan gölejikler üçin ýörite agyllar gurnalypdyr. Bu bölümde, şeýle-de ene
mallary saklamak üçin niýetlenen bölümde olara hünärmen we weterinar
gözegçiligi amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, sygyrlary saklamak üçin
niýetlenen desgalaryň ähli zerur enjamlar, olary awtomatik usulda arassalaýan
we mallary suwa ýakmaga niýetlenen gurallar bilen üpjün edilendigini bellemek
gerek.
Döwlet Baştutanymyz mallaryň baş sanyny artdyrmagyň
maldarçylyk pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyp, bu babatda
wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ot-iým saklanýan ammara
baryp, iýmleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Toplumda iri şahly mallar üçin
ot-iýmleriň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Hünärmenler ot-iýmleriň ýokumlylyk
derejesini gözegçilikde saklap, mallaryň aýratynlygyna görä berilmeli iýmleri
hem-de olaryň möçberini kesgitleýärler. Oba hojalyk mallarynyň öndürijilik
derejesi olaryň ähli zerur düzümleri, biologik taýdan işjeň maddalary öz içine
alýan iýmler bilen iýmitlendirilmegine baglydyr. Bu babatda mallara niýetlenen
dürli görnüşli iýmleri öndürýän kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi azyk bolçulygynyň
senagat binýadyny berkitmäge, şol sanda maldarçylygy ösdürmäge toplumlaýyn
çemeleşilýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Ýeri gelende nygtasak, toplumyň umumy meýdany 375 gektara
barabar bolup, şonuň 9 gektardan gowrak çäginde degişli desgalar ýerleşýär, 365
gektardan gowrak çäginde bolsa mallar üçin ot-iýmlik ekinleri ýetişdirmek
boýunça zerur işler alnyp barylýar. Toplumyň mallaryny ot-iým bilen bökdençsiz
üpjün etmek maksady bilen, häzirki wagtda 164 gektar meýdana däneli ekinler, 47
gektar meýdana bolsa ýorunja ekildi. 74 gektar ýere ekilen mekgejöwen orlup,
silos ammaryna ýerleşdirildi we onuň ýerine däneli ekinler ekildi. Toplumda
mallar üçin ýokumly ot-iýmleriň taýýarlanylmagy önümçiligiň yzygiderli
artdyrylmagy, önümleriň ýokary hilli bolmagy üçin möhüm şerti üpjün edýär.
Hormatly Prezidentimiz gyş möwsüminiň ýetip gelmegi bilen
baglylykda, mallary dok we ýyly gyşlatmak üçin ähli zerur çäreleri görmegiň
wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz maldarçylyk toplumynyň ýolbaşçysyna
täze satyn alnan kuwwatly tehnikalaryň we awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tanyşlygyň dowamynda
toplumyň kömekçi desgalaryny synlady. Olarda döredilen mümkinçilikler toplumyň
işini ýokary derejede guramaga hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändigini
tassyklaýar. Kuwwatly, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen oba
hojalyk kärhanalarynyň döredilmegi ýurdumyzda azyk önümleriniň öndürilýän
möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň weterinariýa bölümine
baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde weterinar lukman bölümiň
alyp barýan işi barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu bölüm mallary wagtlaýyn aýratynlykda
saklamaga we bejermäge niýetlenendir. Onda bir wagtda 12 baş mala weterinariýa
kömegini bermäge şert döredilipdir. Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy
enjamlary ýokary arassa distillirlenen suwy öndürmäge, emeli tohumlandyrma
işlerini ýokary hilli geçirmäge, iri şahly mallaryň toýnaklaryna ideg işlerini
alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Weterinar lukman döwrebap maldarçylyk toplumyny açyp
berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza
berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz döwrebaplaşdyrylan maldarçylyk
toplumy bilen tanyşlykdan soňra, hemmelere işlerinde üstünlikleri arzuw edip,
bu ýerden ugrady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Suw hojalygy
baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr» Türkmen köli aragatnaşyk we gözegçilik
dolandyryş edarasyna geldi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Hytaý Halk
Respublikasynyň «Shantui Construction Machinery FZE» kompaniýasyndan täze satyn
alnan tirkeg çekiji we ýangyç daşaýjy awtoulaglaryň, ekskawatorlaryň tehniki
aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň
30 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde maldarçylyk pudagynyň täze desgasynyň
işe girizilmeginiň, şeýle hem suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
has-da pugtalandyrjak täze tehnikalaryň satyn alynmagynyň aýratyn mana
eýedigini belledi.
Wise-premýer hem-de welaýatlaryň häkimleri oba hojalyk pudagyny
ösdürmäge döredýän şertleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň abadan durmuşyny
üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdiler hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.