31.01.2023 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
23.11.2022 124 Habarlar

22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Işewürlik maslahatynyň çäklerinde BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda hem Emirlikleriň iri işewürliginiň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga çalyşýandygy tassyklanyldy. Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistanda maýa goýum işinde hem üstünlikli işlemek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Açyklyk, ynanyşmak ýagdaýynda geçen işewürlik maslahatynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak babatda anyk teklipler beýan edildi.

«Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy forumyň örän netijeli häsiýete eýe bolandygyny tassyklady.