milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary
Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary
02.05.2025 100 Habarlar

Düýn – 1-nji maýda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek ýerindäki gurluşyk we abadanlaşdyryş işleri bilen tanyşdy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli halkara maslahatyň geçirilmegi bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ekiljek bag nahallarynyň, bezeg gülleriniň görnüşleri bilen tanyşdy. Hazar deňziniň türkmen böleginiň ekologik taýdan has arassa bolmagy bu ugurda Diýarymyzda durmuşa geçirilýän yzygiderli işleriň oňyn netijesidir. Hazaryň kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz täsin şypahana zolagynyň halkara maslahata gatnaşmaga geljek köp sanly daşary ýurt wekiliýetlerinde ýakymly täsirleri galdyrmalydygyny nygtap, daş-töweregiň abadanlaşdyrylmagy, arassaçylyk işleri, ekiljek bag nahallarynyň, gülleriň bitewi sazlaşygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.