Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!
Polşanyň halkynyň adyndan we hut
öz adymdan Sizi hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurtlarymyzyň arasynda hoşniýetli we
dostlukly gatnaşyklar ýola goýlup, ol durnukly ösdürilýär. Giň gerimli
hyzmatdaşlygyň netijesinde özara hereketleriň syýasy, ykdysady, durmuş
ulgamlarynda has-da berkidiljekdigine ynanýaryn.
Size we Türkmenistanyň ähli
halkyna döwlet özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýada howpsuzlygy
berkitmek babatdaky tagallalaryňyzda rowaçlyklary, Siziň Alyhezretiňize berk
jan saglyk we jogapkärli işiňizde üstünlikleri arzuw edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Karol
NAWROSKIÝ,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti.