Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk
baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs
ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiziň öz Gutlagynda nygtaýşy ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýän maýa goýum forumy ýurdumyzyň senagat kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlary çekmek, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan harytlaryň täze önümçiliklerini döretmek we bar bolanlarynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, Awazada geçirilýän bu çäräniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri senagatlaşdyrmaga we durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge, pudaklara häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny işjeň durmuşa geçirmäge, maýa goýumlary çekmäge ýardam eder.