Düýn – 26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sungat ussatlaryna minnetdarlyk bildirip, Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine bardy. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watançy atly bedew sowgat berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşýan welaýatlaryň hormatly ýaşulularyna, behişdi bedewleriň şöhratly ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegine uly goşant goşýan ähli atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.