milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz täze önümçilik desgasynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
13 sagat öň 21 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

...Hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzdan ugur alan uçary birnäçe wagtdan Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine bardy. Hormatly Prezidentimiz dabara mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edenden soňra, ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardy hem-de bu ýerde gutlag sözi bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşyjylary bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlap, himiýa senagatynyň ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän täze toplumyň taslamasyny Koreýa Respublikasynyň «Daewoo» kompaniýasy ýerine ýetirer. Düýbi tutulýan bu toplumyň gurluşygynda ekologik talaplary berjaý etmäge mümkinçilik döretjek innowasion tehnologiýaly enjamlar we serişdeler ulanylar. Täze toplum ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini we içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berer. Garaşsyz döwletimizde azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de daşary ýurtlardan getirilýän fosforly dökünleri özümizde öndürmäge şert döreder.

Toplumda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Ol ulanmaga berlenden soň, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Döwrebap himiýa kärhanasynyň işe girizilmegi bilen, goşmaça iş orunlary dörediler. Onda zähmet çekjek hünärmenleriň köpüsi daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde taýýarlanyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler üpjün ediler.

Ýurdumyzyň himiýa senagatynda täze önümçilikleri döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumy, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän zawody gurmak meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we şeýle iri taslamalaryň amala aşyrylmagynyň himiýa senagatyny ösdürmäge uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini, bu ýerde kuwwatly senagat kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini aýtdy. Häzirki wagtda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşygy dowam edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de geljekde-de ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra ekranda superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Soňra çykyş etmek üçin Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juwa söz berildi. Ol, ilki bilen, bu möhüm taslamanyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylandygy üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu günki dabaranyň diňe bir zawodyň düýbüniň tutulmagy bolman, eýsem, Türkmenistanda abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýandygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze desganyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazga gol çekdi hem-de ol ýörite gutujyga salyndy. Ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz toplumyň binýadyna ilkinji beton garyndysyny atýar we halkymyzyň asylly däbine eýerip, bu başlangyja ak pata berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem desganyň düýbüne beton garyndysyny atdylar. Soňra hormatly Prezidentimiziň adyndan çagalara sowgatlar gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.