Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet
serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda
ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly
Prezidentimiz beýleki meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we
dabaraly harby ýörişiň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Däp bolşy ýaly, baş baýramymyz mynasybetli her ýyl geçirilýän
dabaraly harby ýörişiň dowamynda Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň
parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň
gazananlarynyň goragynda duran harby goragçylarymyzyň ýokary hünär ussatlygy,
başarjaňlygy görkezilýär.
...Ir bilen hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinden ugur alan dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet
birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine
geldi.
Bu ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak
ministri B.Gündogdyýew Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze
binalar toplumynyň açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat
berdi. Belent Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar
toplumynyň esasy girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz
toparynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra
ýerine ýetirilen aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän
beýik işleri wasp edildi.
Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el
çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga
berilmegine ak pata berdi.
Döwrebap serhet birikmesiniň täze binalar toplumy
dolandyryş binasyndan, nyzam meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk
medeniýet öýünden, esgerler ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport
meýdançasyndan, sport we sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan,
gulluk, durmuş maksatly binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly
mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň
dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby
gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik
enjamlary arkaly Döwlet serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen
tanyşdyrdy.
Dolandyryş binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň,
bu ýerde döredilen şertleriň ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini
bellemek gerek. Binanyň döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de
programmalar bilen üpjün edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň
pugtalandyrylýandygynyň, onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli
ornaşdyrylýandygynyň aýdyň mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk
serişdeleri Watanymyzyň serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala
aşyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk
gözegçilikde saklamaga, onuň ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Harby gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet
Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň
ýurdumyza mundan beýläk-de ak ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz harby gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw
etdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar
kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize
serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we
bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Serhetçiler üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy
döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary,
wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň
giňligi, ýagtylandyrylyşy, esgerleriň dynç almagy üçin döredilen
mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly
laýyk gelýär. Bu bolsa harby gullukçylary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz
ýerine ýetirmäge ruhlandyrýar. Şeýle-de ýatakhanada harby gullukçylaryň
gündelik durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, gündelik we
möwsümleýin harby lybaslary saklamaga niýetlenen, döwrebap mebeller bilen üpjün
edilen birnäçe otaglar bar. Mundan başga-da, degişli lybaslary we beýleki
goşlary saklamak üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap
ýyladyş we sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby
gullukçylaryň ähli ýaşaýyş-durmuş talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga
ýardam berýär.
Durmuş taýdan hyzmat ediş otaglarynyň degişli enjamlar
bilen üpjün edilendigi bellärliklidir. Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan
döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa serhetçileriň
medeniýetli dynç almaklaryna, özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp,
bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň,
hormatly Prezidentimiziň watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi
serhetçileriň watançylyk ruhuny has-da belende göterýär. Ýurdumyzda döwlet
serhetlerini ygtybarly goramak, ýokary taýýarlykly serhetçi harby gullukçylary
taýýarlamak işine möhüm üns berilýär. Şunda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş,
gulluk şertleriniň ýokary derejede bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň
ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy
esasynda amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy
edaralary döwrebap tehnikalardyr enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli
goşunymyzyň kuwwaty pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň
özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli
berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän
ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen
baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen
dürli harby lybaslar görkezildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň
ýylyň dürli pasyllaryna laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň
azyk üpjünçiliginiň ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň
esgerler naharhanasyna baryp gördi.
Naharhana häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir.
Bu ýerde ýokumly tagamlary taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek
üçin ähli zerur şertler bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli
taýýarlanylmagy, ekologik arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly
mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň
talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar taýýarlamak, azyk önümlerini
talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar göz öňünde tutulypdyr.
Döwrebap naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, nahar taýýarlamak işini
ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi bilen
enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem naharhanada dürli görnüşli tagamlary taýýarlamak
üçin enjamlaryň kämil görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Olar gündelik
bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün eder. Naharhanada milli tagamlaryň
dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk derejesine aýratyn
ähmiýet berler. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik ýörelgelerine laýyk
gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirer.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby
gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş
jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet
birikmesiniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4
sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz
öňünde tutulypdyr. Harby gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap
ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar.
Toplumyň çäginde täze ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Täze jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns
berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty
otaglary döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler
bilen üpjün edilen döwrebap aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen
talabyna laýyk derejede ýerine ýetirilendigini görkezýär. Serhet birikmesiniň
çäginde harby gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin
ähli zerur şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol
sanda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň
döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.
Bagtyýar serhetçi hormatly Prezidentimizi mähirli
garşylady. Döwlet Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň
maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk
borjuny berjaý etmekleri, dynç almaklary, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda
ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi we harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly
mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp
gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn
aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna
hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary
üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini
aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy
däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini
gowşurdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik
zerur bolan harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen
tanyşdy. Bu ýerde türkmen telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary,
beýleki önümler alyjylara hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty
azyk harytlary bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr.
Bu ýerde dürli gülleriň, saýaly baglaryň ekilmegi ekologik abadançylygy
saklamaga ýardam edýär. Şeýle hem toplumda körpe nesilleriň dynç almaklary,
sagdyn ösmekleri üçin niýetlenen oýun meýdançasy hereket edýär. Sagdyn
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sport
hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu
babatda toplumda bina edilen sport meýdançasy harby gullukçylaryň maşgala
agzalarynyň saglyklaryny berkitmeklerini, wagtyny peýdaly geçirmeklerini üpjün
eder.
Toplumyň çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket
edýär. Lukmançylyk merkeziniň otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary
bilen üpjün edilendir. Onda işlejek lukmanlar serhetçilere we olaryň maşgala
agzalaryna ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlärler.
Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet
gullugynyň başlygyna Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş
dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylaryny Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň
açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy
edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek
boýunça mukaddes borjuny abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere
üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.