Şu gün Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji
gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident
Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal
habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen
bardy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni «Akorda» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň
Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi
wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary
bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew
ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly
hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary
nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň
Döwlet baýdagyny sarpaladylar.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata
düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen
Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli
mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan
etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan
dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim
boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet
sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp,
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň
gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystan
Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine
alýandygyny nygtady.
Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanyň Türkmenistanyň
parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi
pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde
geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek
halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet
sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident
Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen
Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä
çykarylandygyny nygtap, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla
etmäge taýýardygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz ekologiýa ulgamynda senagat
galyndylaryny gaýtadan işlemek, «ýaşyl» gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň
ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine
ünsi çekdi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt
dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň
energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny,
uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy
ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty,
metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan
işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny
tassyklady.
Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
strategik ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan
awtomobil ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda utgaşykly işler alnyp
barylýar. Şu aýyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil
köprüsi işe girizildi, Türkmenbaşy şäherinden türkmen-gazak döwlet serhedine
çenli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Sanly ykdysadyýet,
innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn,
şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz
medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini
belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda
hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.
Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak
gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart
Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan
Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň
bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda
mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen
sylaglamak dabarasy boldy.
Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny
yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde
hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda
dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy ber-kitmekde döwlet
Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu günki gepleşikleriň netijeleri
boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen
gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de döwlet
Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran»
ordeni bilen sylaglady.
Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň
ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we
Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga
Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň
dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň
subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de
ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary
astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol
çekdiler.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň
hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň
arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk,
Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda
migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Zähmet we
ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet
we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi
babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Adalat
ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda
hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň
Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk
ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk
ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama, ulag babatda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan
beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş
meýilnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda
2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň
meýilnamasy, Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan
Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady,
ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan
Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli
ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we
kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň
Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň
Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet
kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.
Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine
ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz metbugat wekillerine
ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow saparynyň
çäklerinde «Alem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp gördi.
«Alem.AI» emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady
bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip,
Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga
gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Täze tehnologik we
ykdysady ösüşi goldamak, emeli aň ulgamynda ylmy barlaglary, startaplary,
öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn gurşawy döretmek, ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamak, emeli aň çözgütleriniň eksportyny giňeltmek
merkeziň esasy maksatlarydyr. Ol Gazagystanyň emeli aň tehnologiýalaryny
jemgyýetiň bähbidi üçin jogapkärçilikli we giňişleýin ulanmaga ymtylýandygynyň
nyşanyna öwrüldi.
...Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň
maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara
howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň
Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.
Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň
Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
***
Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet
saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Astanada Magtymguly
Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.
Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary gazak
kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara
gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara
alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmen döwlet
bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy»
milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmen
döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik
uniwersiteti» täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen
Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet
komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk
etmek hakynda Ähtnama hem-de «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy
bilen «TNS-Plus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan —
Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optiki-süýümli aragatnaşyk
kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama
gol çekildi.