milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” ikinji sammitine gatnaşdy
1 gün öň 19 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” formatynda ikinji gezek geçirilýän sammite gatnaşmagy-da munuň aýdyň beýanydyr. Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji sammit 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş edip, tagallalary utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar. Sammitiň gün tertibine sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmak, ulag, energetika, innowasiýalar ulgamlarynda özara hereketler bilen bagly meseleler girizildi.