26-njy
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Daşoguz
welaýatyna ugrady. Bu ýerde Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyz
aýdym-saz hem-de tans toparlarynyň ruhubelent çykyşlary bilen mähirli
garşylandy.
Daşoguz
welaýatyna saparyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Balkan-Daşoguz howa
elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň barşy hem-de ýurdumyzyň demirgazyk
sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryndaky we maldarçylyk pudagyndaky işleriň
ýagdaýy bilen tanyşdy.