Şu gün ýurdumyzda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek
dabarasy geçirildi. Asylly däbe öwrülen bu giň gerimli ekologiýa çäresi
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky maksatlary ilerletmäge, jemgyýetde
ekologik medeniýeti kemala getirmäge ýardam berýär.
Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny dowam
etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ekologik
abadançylygy üpjün etmäge, durnukly tebigy gurşawy kemala getirmäge
gönükdirilen Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şunda tokaý
zolaklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine, tebigatyň biologik dürlüliginiň goralyp
saklanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda
tebigata aýawly çemeleşmegiň we onuň bilen sazlaşykly ýaşamagyň özboluşly
ýörelgelerini kemala getiripdir. Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala
aşyrýan ekologiýa syýasaty şu asylly ýörelgelere esaslanýar. Şu gezekki çäre
hem pederlerimiziň däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň
güwäsidir.
...Ir bilen
dabaranyň geçirilýän ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Dabara
gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky
wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar.
Hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite
taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman
Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş edip ýüzlendi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bag nahalyny oturdyp, ählihalk bag ekmek
dabarasyna badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmäge gönükdirilen bu giň gerimli çärä gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da
artdyrdy hem-de halkymyzyň milli däpleriniň dowamata atarylýandygyny aýdyň görkezdi.
Dabara
gatnaşyjylaryň ählisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, bag
nahallaryny ekmäge girişdiler. Dagyň sergin howasy bu ýere ýygnananlaryň
göwnüni göterip, ruhubelentligini artdyrdy.
Türkmenistany
bagy-bossanlyga öwürmekde ylmy çemeleşmä aýratyn üns berilýär. Nahallaryň bu
künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki
giňişliklerde agaçlaryň birkemsiz ösmegini üpjün edýär. Şäherlerde, obalarda
köpçülikleýin bag nahallarynyň oturdylmagy ýaşamak üçin amatly ekologik gurşawy
döredýär. Soňky ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly,
paýtagtymyzda we onuň töwereklerinde-de tokaý zolaklarynyň çäkleriniň barha
giňeldilmegi bu asylly işe wajyp ähmiýet berilýändiginiň mysalydyr.
Köpçülikleýin bag
ekmek çäresi ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bir hatarda, tebigatyň
biodürlüligini gorap saklamakda-da möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň bu asylly
işe jebislikde gatnaşmagy watansöýüjiligiň, ýurdumyzyň özboluşly tebigy
gözelligine hormat goýmagyň, ata-babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly
ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam
etdirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Dabara gatnaşýan
daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanda şeýle ekologiýa çäreleriniň yzygiderli
geçirilmeginiň sebitde daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmekde
nusgalykdygyny we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça dünýä
bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge uly goşant goşýandygyny bellediler.
Dünýä medeniýetiniň gadymy ojaklarynyň biri bolan türkmen topragynyň tebigy
şertleri, dag çeşmeleri, bereketli topragy, amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik
dünýäsini baýlaşdyryp, daýhançylyk däpleriniň ösüşiň täze derejesine çykmagyny
üpjün edýär. Sahawatly türkmen topragy dünýäde iň gadymy ekerançylyk
medeniýetiniň kemala gelen ýeri hasaplanýar. Taryhy maglumatlar ýurdumyzyň giň
ýaýlalarynda gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň ösdürilip
ýetişdirilendigini tassyklaýar. Munuň özi milli daýhançylyk we bagbançylyk
däpleriniň taryhynyň asyrlara uzap gidýändigini görkezýär.
Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistanyň döwlet syýasatynda daşky gurşawy goramaga, tebigy serişdelerden
rejeli peýdalanmaga, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täsirleri peseltmäge
gönükdirilen giň möçberli ekologiýa başlangyçlaryna uly orun berilýär. Bu
ugurda BMG we beýleki iri halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek ýurdumyzyň
daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
...Çäräniň
dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir
orunbasarlary bilen söhbetdeş boldy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary
T.Atahallyýew tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasynyň
barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz bag nahallarynyň oturdylmagynyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmakda
möhüm ähmiýete eýedigini belläp, daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy
bagy-bossanlyga öwürmek, öňden oturdylan baglaryň idegini ýetirmek boýunça
alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow
baş şäherimizi abadanlaşdyrmak, onuň çäklerinde arassaçylyk işlerini geçirmek
babatda ýerine ýetirilýän çäreler, paýtagtymyzdaky gurluşyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we paýtagtymyzda arassaçylyk
kadalaryny berjaý etmek babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Birleşen Milletler
Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulan
Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary halkara
bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda
BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça
sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň
sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň
işiniň aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik
abadançylygyny gorap saklamak boýunça başlangyçlar bar.
Häzirki wagtda
paýtagtymyzyň töweregindäki dag eteklerinde arça agaçlary oturdylan meýdanlar
ýylsaýyn giňeýär. Olar topragy berkidip, ýerasty suwlaryň ýokary galmagyny
saklaýar hem-de sil suwlarynyň döremeginiň öňüni alýar. Şeýle-de arça agajy
uglerod oksidiniň howadaky derejesini peseldip, howany tozandan arassalap,
ýellerden goranmagyň tebigy serişdesi bolup durýar. Mundan başga-da, Aşgabadyň
töwereginde emele gelen tokaý-seýilgäh zolagy bu ýerde howanyň gowulanmagyna
ýardam edýär. Dag derelerinde, baýyrlyklarda, ýapgytlarda arça agaçlarynyň
tokaýlyklary döredilip, olaryň sany eýýäm onlarça milliona ýetýär.
Hormatly
Prezidentimiziň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk
maksatnamasynda hem ekologiýa meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Sebitde
deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. Şäherde sanly,
maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ornaşdyryldy, desgalaryň
gurluşygynda bolsa ekologik taýdan arassa serişdeler ulanyldy. Arkadag şäherine
“Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”,
howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna
goşulandygy baradaky güwänamanyň berilmegi Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi
bilen ekologiýa ýaly wajyp ugurdaky gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete
eýediginiň aýdyň beýanydyr.
...Çäräniň
dowamynda bag nahallarynyň ekilmegi bilen bir hatarda, ozaldan bar bolan tokaý
zolaklaryna ideg işleri hem geçirildi. Dabara gatnaşyjylar öňki ýyllarda ekilen
agaçlaryň düýbüni ýumşatmak we suwarmak işlerini ýerine ýetirdiler. Döredijilik
toparlarynyň Watanymyzy, täze taryhy döwürde amala aşyrylýan beýik işleri wasp
edýän çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ruhubelentligini has-da artdyrdy.
Bag ekmek dabarasy
tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Umuman, şu gezekki
ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşynda tutuş ýurdumyz boýunça agaç
nahallarynyň 611 müň 962 düýbi ekildi. Şeýle hem seýilgähleri, tokaý
zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 2 million
24 müň 240 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi. Şeýlelikde, ählihalk bag
ekmek dabarasy ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna
beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynda ýurdumyzyň ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça ählumumy
tagallalara goşýan mynasyp goşandynyň nobatdaky beýany boldy.