milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
15.05.2025 119 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufigi kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ýokary derejede yzygiderli guralýan saparlar gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi we saparyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen geçiren gepleşikleriniň netijeleriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine, ony hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşler ýangyç-energetika pudagyny iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.