Düýn – 27-nji fewralda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Euronews» telekompaniýasynyň direktorlar
geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda Türkmenistany dünýäde giňden tanatmak boýunça dürli ýurtlaryň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we halkara media agentlikleri bilen işjeň
hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunda Ýewropanyň öňdebaryjy media düzümi bolan
«Euronews» telekompaniýasy bilen ençeme ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan
netijeli hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine üns çekildi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň medeni we taryhy mirasyny dünýä tanatmak,
syýahatçylygy ösdürmek ýaly ugurlarda «Euronews» bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuňbilen
baglylykda, «Euronews» telekompaniýasynyň ýörite gepleşiklerinde Türkmenistan
barada degişli wideofilmleriň görkezilýändigini belledi.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda
halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri, özara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ozal
ýerine ýetirilen we geljekde göz öňünde tutulýan taslamalar barada-da pikir
alşyldy.