milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy
10.05.2025 223 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Moskwada geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Prawda» we «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň 1945-nji ýyldaky ýörite neşirleriniň nusgalary bilen tanyşdyryldy. Metbugat neşirleriniň bu taryhy sanlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.

Gyzyl meýdandaky baýramçylyk dabarasynda münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem batly gadam urup geçdiler.

Dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.