Düýn – 5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatda welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlara gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam etdirilýär. Sebitlerde pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin zerur çäreler görülýär.