milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
25.02.2025 200 Habarlar

Düýn – 24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak hem-de şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalarda ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler dowam etdirilýär. Welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmek üçin zerur çäreler görülýär.