Düýn – 12-nji maýda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň
häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap
almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatlaryň
gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri
dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile
möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak
işine guramaçylykly girişildi.