Düýn — 17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin pagta arassalaýjy kärhanalarda tohumlyk gowaça çigitlerini taýýarlamak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli çäreler dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitde ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişine girişilip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär.