Düýn – 10-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, möwsümleýin işleriň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.