Düýn – 3-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak barada öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, sebitlerde möwsümleýin işler dowam etdirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatlarda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek işleri alnyp barylýar.