27-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam
edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş
merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň – köpugurly we
onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Mälim
bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam
üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda
ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ugurlary
Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden
hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan,
öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri
taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.