milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynda çykyş etdi
Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasynda çykyş etdi
15.04.2025 221 Habarlar

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmegiň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny, şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Dabarada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar Watanymyzyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, baý taryhynyň, asylly däpleriniň waspy ýetirildi.