milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi
18.04.2025 136 Habarlar

Düýn – 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Amer bin Ali Al-Şehrini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Saud Arabystany Patyşalygy bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Söhbetdeşler söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda özara söwda dolanyşygynyň ýylsaýyn artýandygyny we bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Ýangyç-energetika toplumy, söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma we oba hojalygy pudaklary Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Şunuň bilen birlikde, medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikler bar.