milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
1 gün öň 61 Habarlar

Şu gün ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi.

...Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, halk köpçüligi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine — paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy mähirli mübäreklediler. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere bardy. Bu ýerde ýaş nesliň wekili Arkadagly Gahryman Serdarymyzdan bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12 ýyl ýaşan türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi. Türkmen arçasynyň ýaşynyň 12-nji dekabrda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen güni bilen gabat gelmegi özboluşly mana eýedir.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bag nahallaryny ekmäge girişdiler. Dürli görnüşli nahallaryň bu künjegiň toprak-howa şertleri nazara alnyp ekilmegi dag etegindäki giňişliklerde tokaý zolaklaryny döretmäge mümkinçilik berer.

...Çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tutuş ýurdumyz boýunça geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasynyň barşy hem-de Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň amatly we durnukly daşky gurşawy döretmäge gönükdirilendigini belläp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow baş şäherimizi abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz sebitiň iň ýaşyl we ekologik taýdan arassa şäherleriniň biri bolan Aşgabat üçin bag ekmek çäreleriniň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp, wise-premýere paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

...Şu günki dabara gatnaşyjylaryň yhlasly zähmeti halkymyzyň asylly işlere bolan höwesini we jebisligini alamatlandyrýar. Ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin bähbitli işlere hemmeleriň agzybirlikde gatnaşmagy asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleriň häzirki döwürde üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şu gün Diýarymyzda köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek bilen bir hatarda, ozal bar bolan tokaý zolaklaryna ideg etmek işleri hem geçirildi. Munuň özi seýilgähleriň arassalygyny, abadançylygyny, baglaryň ösüşini üpjün etmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Bag ekmek dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Tutuş ýurdumyz boýunça geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowamynda 449 müň 464 düýp bag nahaly ekildi. Şeýle hem seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde, jemi 1 million 997 müň 775 düýp baga ideg etmek işleri geçirildi.