milli goshun logo
Hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi
Hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi
20.11.2023 615 Habarlar

18-nji noýabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, öňki geçirilen mejlisde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.

Toparyň türkmen we eýran böleginiň başlyklary duşuşygy açyp, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga gyzyklanmalaryny görkezýärler.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn çäreleriň, geňeşmeleriň we gepleşikleriň yzygiderli guralmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, şu gezekki mejlisiň barşynda gazanylan täze ylalaşyklaryň ýurtlarymyzyň hem-de doganlyk halklarymyzyň bähbitlerine oňyn dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.