milli goshun logo
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda çykyş etjek toparlar
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda çykyş etjek toparlar
15.04.2024 175 Sport

Ozal habar berşimiz ýaly, 15 – 20-nji aprel aralygynda paýtagtymyzda şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýär. Halkara ýaryşda 10 topar çykyş edip, olar toparçalaryň ikisinde aşakdaky tertipde bäsleşerler:

 

    «А» toparça

 

«Galkan» (Türkmenistan);

«Feniks» (Özbegistan);

«Oman Nationals» (Oman);

«Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn);

«Ice Box Iran Mall» (Eýran).

 

«В» toparça

 

«Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa);

«Wolat» (Belarus);

«Dordoý» (Gyrgyzystan);

«Akmola» (Gazagystan);

«Team-Turkiye» (Türkiýe).

Ýaryş aýlawlaýyn görnüşdäki bäsleşikden başlanar. Gatnaşyjylaryň her biri öz toparçasyndaky klublaryň ählisi bilen duşuşar. «А» we «В» toparçalaryň ýeňijileri finala çyksa, öz toparçasynda ikinji orny eýelän klublar bürünç medal ugrundaky oýunda duşuşarlar.