Şu gün «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine
başlady.
Giň möçberli çärä
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat
jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ýokary wezipeli
wekilleri gatnaşýarlar.
Bu forum raýat
jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy
gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek
hem-de DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda
durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin mümkinçilik açýar.
Raýat jemgyýetine, ylmy jemgyýetçilige, hususy pudaga hem-de döwlet düzümlerine ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança döretmek, DÇBÖBD-de durnukly ösüşe ýardam berýän üstünlikli hyzmatdaşlygyň we strategiýalaryň mysallary bilen tanyşdyrmak, innowasion çözgütleri we öňdebaryjy tejribäni alyşmaga ýardam bermek forumyň esasy maksadydyr.