Şu gün Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýat bolan Arkadag şäherinde Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi.
Şäheriň baýramçylyk meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan çäreler “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň
many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
Dabarada, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşyjylara iberen
Gutlagy okaldy.
Dabaranyň
dowamynda sahawatly ýörelgeleri ösdürmekde işjeňlik görkezen halkara
guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň käbir ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň
“Arkadag” medaly bilen sylaglamak hakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken
Permany okaldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa dabaraly ýagdaýda Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine
Saakýany we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnany mynasyp bolan sylaglary bilen gutlap, olara
“Arkadag” medalyny gowşurdy. Munuň özi halkymyzyň ýagşy dessurlaryny
ilerletmek, Türkmenistanyň haýyr-sahawat ýörelgelerini halkara giňişlikde wagyz
etmek ugrunda edilýän tagallalara berlen mynasyp baha hökmünde kabul edildi.
BMG-niň Çagalar
gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna hemmeleri haýyr işleri esasy
ugur edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli
gutlady. Şeýle hem ol binagärlik çözgüdi boýunça haýran galdyrýan ajaýyp
şäherde şanly sene mynasybetli guralýan giň möçberli çärede özüne ýokary döwlet
sylagynyň gowşurylmagyny aýratyn hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
“Ýokary döwlet sylagy meni mundan beýläk-de netijeli işlemäge we Türkmenistan
bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşmaga
ruhlandyrýar” diýip, hanym J.Ratna belledi we munuň üçin hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra dabara
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň çykyşy bilen dowam etdi. Milli
parlamentiň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni bilen
Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlap, ýurdumyzda
ýagşy dessurlaryň dabaralandyrylýandygyny alamatlandyrýan bu çäräniň ähmiýetine
ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hem hormatly Prezidentimizi we
Gahryman Arkadagymyzy haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy bilen
tüýs ýürekden gutlady. Onuň nygtaýşy ýaly, munuň özi halkymyzyň taryhyň
dowamynda döreden asylly ýörelgeleriniň rowaç gadamlaryny alamatlandyrýan waka
öwrüldi. Çagalar hakyndaky aladalarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny
tapýar.
Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine
Saakýan hemmeleri bu günki şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, özüne
gowşurylan ýokary döwlet sylagyny uly buýsanç bilen kabul edýändigini aýtdy we
munuň üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny
beýan etdi.
Çäräniň dowamynda
dabara gatnaşyjylaryň çykyşlaryna giň orun berildi. Olarda ýagşy dessurlary baş
ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli gutlag
sözleri beýan edildi. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda
döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri ösüp
gelýän ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşiniň
üpjün edilmegine gönükdirilen sogaply işleri amala aşyrýandygy bellenildi.
Çykyş edenler türkmen halkyna mahsus asylly däpleriň ösdürilmeginde möhüm orny
eýeleýän gaznanyň işine mundan beýläk-de uly rowaçlyklary arzuw etdiler. Şeýle
hem olar ýurdumyzda sogaply işleriň dowamata atarylmagynda mynasyp goşant
goşmak ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra dabarada
çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Ol aýratyn ähmiýetli we
buýsançly sene bolan haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy
mynasybetli guralan çärä gatnaşyjylary bu dabarada görýändigine örän şatdygyny
belledi.
“Şu günki
aýdym-sazly dabara çagalaryň gözi bilen dünýä ser salmaga, olaryň arassa
kalbyndaky umyt, ynam we päklik ýaly ýokary ynsanperwer gymmatlyklary duýmaga
giň mümkinçilik döredýär. Bu bolsa jemgyýetimiziň ruhy baýlygynyň möhüm bölegi
hökmünde kesgitlenen çagalarymyzyň ýüzündäki şatlyk duýgularynyň döremegine
itergidir” diýip, O.Atabaýewa sözüni dowam etdi. Gahryman Arkadagymyzyň
goldawlarynyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde
Türkmenistanda çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwletimiz ýaş nesilleriň saglygynyň goralmagyny,
olaryň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegini jemgyýetiň durnukly ösüşiniň
esasy şerti hökmünde ykrar edýär hem-de bu ugurda toplumlaýyn çäreleri durmuşa
geçirýär.
Milli Liderimiziň
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny
döretmek hakynda 2021-nji ýylyň 29-njy martynda gol çeken taryhy Karary bu
ugurdaky işleriň täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyrdy. O.Atabaýewa
gaznanyň türkmen halkyna mahsus belent ynsanperwer ýörelgelere esaslanyp
döredilendigini hem-de oňa Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylandygyny aýdyp,
bu çözgüdiň ýurdumyzda çagalaryň bähbidine amala aşyrylýan giň möçberli işleriň
ähmiýetini has-da artdyrandygyna ünsi çekdi.
“Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň
hemişelik üns merkezinde bolan haýyr-sahawat gaznasy häzirki wagtda
ynsanperwerlik işini mynasyp dowam etdirýär. Gazna tarapyndan ýerine ýetirilýän
haýyr-sahawat çäreleriniň netijesinde ýüzlerçe çaga ýokary derejeli lukmançylyk
kömegini alyp, operasiýalar geçirilýär, bejeriş-dikeldiş hem-de öňüni alyş
hyzmatlary üpjün edilýär. Bu bolsa döwletimiziň ynsanperwer syýasatynyň aýdyň beýany
bolup durýar” diýip, gaznanyň wise-prezidenti nygtady. Ol gazna tarapyndan
raýdaşlyk, duýgudaşlyk we açyk göwünlilik esasynda ýerine ýetirilýän her bir
işiň jemgyýetimizde mähir-muhabbetiň, birek-birege goldaw bermegiň,
ynsanperwerligiň has-da berkidilmegine uly goşantdygyny, häzirki wagtda bu
düzümiň halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigini we täze derejä
çykýandygyny belledi.
“Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda geçirilen halkara ähmiýetli wakalara
beslenen ýyllaryň biri bolandygyny nygtamak gerek. Muňa ýurdumyzda we daşary
ýurtlarda üstünlikli geçirilen halkara çärelerdir maslahatlar mysal bolup
biler. Ýagny geçen ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň
döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň
hatyrasyna halkara işiniň ösüşi” atly halkara maslahat üstünlikli geçirildi.
Şeýle-de Monako Knýazlygyna, Özbegistan Respublikasyna, Azerbaýjan
Respublikasyna, Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Katar
Döwletine amala aşyrylan saparlaryň dowamynda çagalaryň bähbidine gönükdirilen
netijeli hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
10-njy dekabrda bolsa “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň
Hökümeti hem-de haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasy
bilen bilelikde “Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek” atly halkara
maslahat guraldy.
Gazna tarapyndan
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky
wekilhanasy, Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasy, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew
adyndaky gaznasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegi
çagalaryň sazlaşykly ösüşiniň bähbidine amala aşyrylýan halkara hyzmatdaşlygyň
netijeli ösdürilýändiginiň beýanydyr.
“Biz mundan
beýläk-de çagalaryň bagtyýar we ýagty geljegi üçin ähli tagallalarymyzy
gaýgyrman, yhlasly zähmet çekmäge taýýardyrys. Bu işleriň häzirki döwürde
türkmen jemgyýetinde birek-birege goldaw bermek, raýdaşlyk we agzybirlik
ýörelgelerini has-da pugtalandyryp, jemgyýetimiziň jebisliginiň berk binýadyny
emele getirjekdigine ynanýarys” diýip, O.Atabaýewa belledi. Ol gaznanyň işine
goldaw berýän ähli watandaşlarymyza, hyzmatdaşlara hem-de dostlarymyza çuňňur
hoşallygyny beýan edip, hemmeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem
O.Atabaýewa olara şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk dabaralaryna
gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirdi.
“Gaznanyň alyp
barýan asylly işi bitewüligiň, duýgudaşlygyň nusgasydyr. Geçen ýyllaryň
dowamynda gaznanyň Türkmenistanda döwlet derejesinde alnyp barylýan we
çagalaryň sagdynlygynyň, sazlaşykly ösüşiniň, abadançylygynyň üpjün edilmegine
gönükdirilen ägirt uly işleri giň gerime eýe boldy. Ýaş nesiller hakyndaky
alada durnukly hem-de sazlaşykly geljegiň kepilidir, parahatçylygyň, özara
düşünişmegiň, asylly işleriň rowaçlanýan geljegine tarap ugurdyr. Halkymyzyň
mätäje kömek goluny uzatmak, goldaw bermek ýaly asylly ýörelgelerinden ruhlanyp,
haýyr-sahawat gaznasynyň Esaslandyryjysy — Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň
parasatly ýolbaşçylygynda haýyrly işlerimizi dowam etdireris. Biz bir toprakda
ýaşaýandygymyzy, çagalaryň ýerleşýän ýerlerine garamazdan, olaryň biz üçin
ýokary gymmatlykdygyny hiç haçan unutmaly däldiris. Şonuň üçin hem ynanyşmak we
özara düşünişmek köprülerini gurmak arkaly çagalaryň nurana geljegi ugrunda
bilelikde tagalla ederis. Çünki parahat durmuş nesillerimiziň sazlaşykly
ösüşiniň baş şertidir” diýip, O.Atabaýewa sözüni jemledi.
Soňra Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli guralan dabara
ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary
bilen dowam etdi. Şanly waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan konsertde teatr
artistleriniň we Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň,
çagalar tans toparlarynyň bilelikde ýerine ýetiren aýdym-sazly edebi
kompozisiýasy täsirli pursatlara baý boldy. Ösüşleriň belentliklerine tarap
ynamly gadam urýan ýurdumyzyň ýeten derejesiniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň
waspnamasyna öwrülen aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň many-mazmun taýdan has-da
baýlaşmagyny şertlendirdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli
guralan baýramçylyk konsertiniň dowamynda milli aýdym-sazlar bilen birlikde,
daşary ýurtlaryň dünýä belli eserleriniň ýaňlanmagy has-da täsirli boldy.
Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabara
gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme
kabul etdiler.