milli goshun logo
Halkyň gadymy taryhynyň we bahasyz medeni mirasynyň täze subutnamalary
Halkyň gadymy taryhynyň we bahasyz medeni mirasynyň täze subutnamalary
15 sagat öň 18 Habarlar

26-njy noýabrda milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde ady agzalan muzeýlerde Türkmenistanyň taryhyna bagyşlanan sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy wakanyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Muzeýlere gowşurylan gymmatlyklaryň hatarynda Gadymy Nusaý, Altyndepe, Namazgadepe, Ýylgynlydepe, Garadepe, Paryzdepe ýaly dünýä belli ýadygärliklerden, Ahal welaýatynyň beýleki gadymy ilatly ýerlerinden dürli ýyllarda tapylan 300-den gowrak arheologik tapyndy, şol sanda at heýkeljigi, toýun gaplar, metal merdiwan, peýkam ujy, iş gurallary we beýlekiler bar.

Paryzdepeden tapylyp, ýurdumyzyň arheologlary tarapyndan rejelenen eneolit döwrüniň (daş-mis asyry) keramiki gaby uly gyzyklanma döredýär.

Şeýle-de muzeýlere antik döwre degişli arheologik tapyndylar gowşuryldy. Hünärmenleriň pikiriçe, şolaryň hatarynda Sarahs etrabynyň çäginde ýerleşýän «Pulhatyn» köprüsi binagärlik ýadygärliginiň golaýyndan tapylan, ýüzünde Aleksandr Makedonskiniň şekili şekillendirilen kümüş teňňe ady rowaýata öwrülen serkerdäniň ýörişi barada birnäçe maglumatlary ýüze çykaryp biler.

Arheologlar tarapyndan Gadymy Nusaý galasyndan dürli döwürlerde tapylan tapyndylaryň hatarynda ajaýyp binagärlik bezegleri bar.

...Arheologik tapyndylary tabşyrmak dabaralaryna gatnaşyjylar gözlegleriň netijeleri barada durup geçip, Diýarymyzyň çäginden tapylan gymmatlyklaryň adamzat medeniýetiniň ösüş taryhynda uly ähmiýete eýe bolandygyny tassykladylar.