Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarymyzyň
bitirýän uly hyzmatlaryny, olaryň Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent
nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem
ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky
asylly däplerini dowam etdirmek we Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň
aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine ýetirmek
maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama
laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we
guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan
aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada,
kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli
okuwlarynyň diňleýji zenan-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde
okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2026-njy ýylyň
2 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara
zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberinde pul sowgatlaryny
dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.