Düýn – 12-nji martda açylan Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň halkara standartlara doly laýyk gelýän desgadygy ykrar edildi.
Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine «SACMI Imola Societa Cooperativa» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desga bolup, ähli inženerçilik işleriniň we kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan enjamlaryň Ýewropada hereket edýän, halkara derejede kabul edilen standartlara doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy, şeýle hem Italiýanyň «Associazione Costruttori Italiani Macchine Attrezzature per Ceramica» kompaniýasynyň Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň ekologik taýdan arassa we daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän desga bolup, kärhananyň önümçiliginde ornaşdyrylan tehnologik enjamlaryň hil, daşky gurşaw, saglyk we howpsuzlyk taýdan halkara güwänamalaryň kadalaryna doly laýyk gelýändigini tassyklaýan şahadatnamasy gowşuryldy.