Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine
başlady.
Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň
öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup
durýar. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen
işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň
gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda,
milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary,
innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine
aýratyn üns berilýär.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary bilen
giňden tanyşdyrmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat edýän, her ýylda
geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi
netijeli göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze taslamalary işe girizmek hem-de dünýä
tejribesini öwrenmek üçin öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär.
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy 31-nji gezek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň
guramaçylary bolup çykyş etdiler.
Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we
tansly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Hemmeler hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara
maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen
diňlediler. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan geljekde
hem deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň
ählisine giň mümkinçilikleri açmagy dowam etdirer. Daşary ýurt işewürlerine
geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmäge ähli şertleri döreder.
Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän halkara maslahatyň we serginiň
milli hünärmenlerimiz bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe
alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda we ösdürmekde uly
ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde guralan sergi
diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu iri gözden geçiriliş Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň
gazananlaryny giňden tanyşdyrmak, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň
hünärmenleriniň, Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerika yklymynyň öňdebaryjy önüm
öndürijileriniň arasynda işewürlik we göni gatnaşyklary ýola goýmak, täze
taslamalary işe girizmek, dünýädäki ýagdaýlar hem-de pudagyň geljekki ösüş
ugurlary bilen tanyşmak üçin oňyn meýdança bolup hyzmat edýär.
Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň,
ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün
edilmeginde möhüm orny eýeleýän nebitgaz senagatynyň ägirt uly
mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň
biridir. Türkmenistanyň energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, onuň dünýä bazaryndaky ornunyň
pugtalandyrylmagyna, täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine
gönükdirilendir. Ýurdumyz geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşip, uglewodorod
serişdeleriniň baý gorlaryna hem-de olaryň eksportyny artdyrmak üçin uly
kuwwata eýedir. Özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly
taslamalary amala aşyrmaga ukyply döwlet hökmünde Türkmenistan öňdebaryjy
tehnologiýalara eýe bolan ýurtlar, iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe
düzümleri hem-de halkara guramalar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy we
yzygiderli ösdürýär.
Şu gezekki halkara maslahat we sergi köp sanly
gatnaşyjylary özünde jemleýändigi bilen ozalkylardan tapawutlanýar. Halkara
foruma dünýäniň 75-e golaý ýurdundan 1 müň 700-den gowrak wekil gatnaşýar.
Gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi abadan we durnukly ösýän ýurt hökmünde
giňden tanalýan Türkmenistan bilen ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk
etmäge gyzyklanma bildirýänleriň ýylyň-ýylyna artýandygyny görkezýär. Olaryň
birnäçesi halkara foruma sanly ulgam arkaly goşuldylar.
Sergi meýdançasynda dünýäniň ýangyç-energetika bazarynyň
esasy gatnaşyjylary bolan iri kompaniýalaryň 130-dan gowragy diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.
Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak,
ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän
turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy
gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini
köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär. Deňizde uglewodorod
ýataklaryny we Hazarda taslamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan kenarýaka
düzümleri kemala getirmek baradaky meselelere aýratyn üns berilýär. Sergide
energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine, kärhanalarda ekologik howpsuzlygy
ýokarlandyrmak ulgamyna degişli geljegi uly işläp taýýarlamalara hem-de
ekologiýa ugry boýunça täzeçilliklere uly orun berildi.
Sergä
gatnaşyjylaryň hatarynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, ýangyç-energetika toplumynda işleýän
ýurdumyzyň hususy kärhanalary hem bar. Myhmanlara Gahryman Arkadagymyzyň we
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary we yzygiderli
üns-aladasy bilen durmuşa geçirilýän iri taslamalar, olary ýerine ýetirmekde
hyzmatdaşlyk üçin açylýan mümkinçilikler barada giňişleýin maglumat berilýär.
Emeli aň ornaşdyrylan adampisint robot nebitgaz düzümleriniň alyp barýan işi we
şu gezekki forumyň ähmiýeti barada sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrýar.
Munuň özi ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagynyň täzeçil, ylmy-tehnologik
usullar arkaly ösüşi ugur edinýändigini görkezýär.
Metallurgiýa, himiýa, maşyngurluşyk, energetika
pudaklarynda, senagat ulgamynda ýokary tehnologik we tehniki kuwwata eýe bolan
daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri öz önümlerini hem-de mümkinçiliklerini
görkezmek bilen birlikde, hyzmatdaşlygy giňeltmäge, işewürlik gatnaşyklarynyň
netijeliligini ýokarlandyrmaga hem amatly mümkinçilik alýarlar. Sergide nebit
guýularyny burawlamak hem-de tebigy gaz känlerini gözläp tapmak boýunça alnyp
barylýan işler sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen täsirli düşündirilýär.
Ekologik ölçegleri öz içine alýan Durnukly ösüş
maksatlary ekoulgama aýawly çemeleşmek we «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak
arkaly innowasion ösüşi işjeňleşdirmegi hem-de daşky gurşawy geljekki nesiller
üçin goramagy maksat edinýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi energiýanyň sarp
edilişiniň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şunda daşky gurşawa ýetirilýän
zyýanyň öňüni alýan az çykdajyly energiýa serişdelerini öndürmäge bolan
çemeleşme uly gyzyklanma eýe bolýar. Iri daşary ýurt kompaniýalary bu babatda
toplan tejribesi bilen tanyşdyrýarlar.
Ekologik talaplar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda
özgertmeleri amala aşyrmagyň kesgitleýji şertidir. Türkmenistan öňdebaryjy
energetika döwletleriniň biri hökmünde energetika howpsuzlygy meselelerine
dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe
sürýär. Ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran wezipeleri çözmekde daşary
ýurt maýa goýumlaryny, tejribeli kompaniýalary işjeň çekmek döwlet strategiýasynyň
esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz üstünlikli iş alyp
baryp, ähli şertleri we amatly maýa goýum ýagdaýyny döredýär hem-de energetika
ulgamynda uzak möhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat
edinýär.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bellenilen
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
ähli ugurlar bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda ýurdumyzyň ozaldan
hyzmatdaşlyk edip gelýän kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge
gönükdirilen möhüm wakalar bolup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
nebitgaz pudagynda Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen
hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy, Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasy bilen netijeli
gatnaşyklaryna 30 ýylyň dolmagy mynasybetli paýtagtymyzda bu ýurtlaryň ýokary
derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda iri, möhüm ähmiýetli çäreler geçirildi.
Möhüm senelere gabatlanyp «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň
dördünji tapgyryna badalga berildi, şeýle hem Hazar deňziniň türkmen böleginde
ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm
resminamalara gol çekildi.
Malaýziýanyň dürli ugurlarda iş alyp barýan
kompaniýalarynyň birnäçesiniň diwarlyklary serginiň aýratyn bölegini emele
getirýär. Munuň özi pudaklaýyn halkara gözden geçirilişiň diňe bir
ýangyç-energetika toplumynda däl, eýsem, söwda-ykdysady we beýleki gyzyklanma
bildirilýän ugurlarda hem hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri
özünde jemleýändigini görkezýär.
Serginiň çäklerinde täze tehnologiýalaryň we innowasion
çözgütleriň tanyşdyrylyş dabaralary kompaniýalara özleriniň tehniki
mümkinçiliklerini görkezmäge, pudaklaýyn hünärmenler bilen göni gatnaşyklary
ýola goýmaga we täze işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge şert döredýär.
Işewürlik duşuşyklary Türkmenistanyň milli energetika edaralarynyň we daşary
ýurt kompaniýalarynyň wekillerine maýa goýum tekliplerini, tehnologik
hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini, enjamlary ibermek we bilelikdäki taslamalary
durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
Sergide nebitgaz, gurluşyk pudaklarynda ulanylýan ýük
ulaglarynyň, ýöriteleşdirilen tehnikalaryň görkezilişine hem möhüm orun
berilýär.
Umuman, sergi tebigy gazyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak,
olaryň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa
ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebitgaz
senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak, olaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini
azaltmak meseleleri barada netijeli pikir alyşmak hem-de teklipleri öwrenmek
üçin ähli amatlyklary özünde jemleýär.
Günüň ikinji ýarymynda öz işine başlan «Türkmenistanyň
nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki
ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek
arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan
bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini
işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.
«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçýän
halkara maslahatyň «Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara
arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy» atly plenar mejlisinde tebigy gazyň
ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün
etmekde we energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda
eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň alyp barýan oňyn
Bitaraplyk syýasatynyň we energetika strategiýasynyň sebitde energetika
serişdeleriniň durnukly üpjünçiligini gazanmakda, özara bähbitli işewürlik
gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, halkara işlere başlangyçlar
bilen gatnaşýan Türkmenistan ägirt uly kuwwatyny ählumumy bähbitler üçin
peýdalanmagy teklip edip, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda öz
garaýyşlaryny beýan edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ulgamda toplumlaýyn
strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm
bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de
işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp
alyş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, mawy
ýangyjy eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.
Dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe
institutlary tarapyndan goldanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy türkmen gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna
iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň
berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde iň iri
mawy ýangyç gorlarynyň biri bolan «Galkynyş» käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi
boýunça işler dowam edýär. Daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň
türkmen böleginde ygtyýarlandyrylan deňiz kän toplumlaryny özleşdirmek hem
ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Mejlise gatnaşyjylar şeýle hem turba geçiriji infrastrukturany,
suwuklandyrylan gaz önümçiligini hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly
Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň
strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara maslahatyň «Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar,
tehnologiýalar we ösüş» atly plenar mejlisinde dünýäniň energetika pudagynyň
häzirki ýagdaýyna seljerme berlip, üýtgeýän geosyýasy şertlerde hyzmatdaşlyk
üçin açylýan täze mümkinçiliklere üns çekildi. Häzirki tehnologiýalaryň we
ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha
artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny
diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän,
ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän,
nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly
işler amala aşyrylýar.
Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele
getirýän gaz pudagy, şol bir wagtda, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň
esasy bölegini düzýär. Häzirki döwürde bu pudakda tebigy gazyň täze gorlaryny
gözlemek we özleşdirmek, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge,
taýýar ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary
öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar. Bu pudak tebigy gazy gaýtadan
işleýän zawodlaryň işe girizilmegi esasynda yzygiderli ösdürilýär. Çig maly
gaýtadan işlemekde ulanylýan ýokary netijeli tehnologiýalary ornaşdyrmak gaz
senagaty pudagynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport
edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň
kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň esasy
energetika döwleti hökmünde depginli ösüşe eýe boldy. Nebitgaz pudagynda
durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalar
munuň aýdyň mysalydyr.
Soňra halkara forum panel maslahatlary bilen dowam etdi.
«Sebitleýin energetika we infrastruktura baglanyşygy: eksport ugurlaryny we
uzak möhletleýin bazarlary ösdürmek» atly mejlisde maýa goýumlary hem-de
innowasiýalary çekmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.
Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň
energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri
barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz ýokary
tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda,
mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi bilen
baglanyşykly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle
hem mejlisiň dowamynda iň täze geologiýa maglumatlary we geljegi uly maýa goýum
taslamalary tanyşdyryldy. Çykyş edenler bu taslamalaryň maýa goýumlary çekmek
we tehnologik hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny bellediler. Bu
başlangyçlar Türkmenistanyň we goňşy döwletleriň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün
etmäge hem-de durnukly ösüşini ilerletmäge goşant goşar.
«Türkmenistanda halkara energetika hyzmatdaşlygynyň
ösüşi» atly mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ýerine
ýetirilen taslamalar we olaryň innowasion hem-de ekologiýa aýratynlyklary
barada durup geçdiler. Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman
enjamlary hem-de programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan
işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň
türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny hem-de iri «Galkynyş» gaz känini
özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa
serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik
ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli
ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we
dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça möhüm halkara
başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn
ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
«Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşi: maýa goýumlar,
infrastruktura we geljekki ösüş mümkinçilikleri» atly mejlisde pes uglerodly
energiýa elýeterlilik, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, «Türkmenistanyň
nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň»
çäklerinde alnyp barylýan işler ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meselelere aýratyn
ähmiýet berildi. Şeýle hem tehnologiýalaryň özgerýän we howanyň üýtgeýän
şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň, daşky gurşawa ýaramaz
täsirleri azaltmakda amaly çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de öňdebaryjy
tejribeleri alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara maslahatyň ikinji gününde «Hazar deňziniň türkmen
böleginde maýa goýum we ösüş mümkinçilikleri», «Tebigy gazyň ýokary goşmaça
gymmatlyga eýe bolan önümlere öwrülmegi, gazhimiýa senagatynyň ösüşi we senagat
gymmatyny artdyrmak» hem-de «Energetikanyň geljegi üçin hünärmenleri taýýarlamak,
tehnologiýalar, sanly özgertmeler we emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmak»
atly mejlisler, şeýle hem utgaşykly görnüşde Nebit inženerleri jemgyýetiniň
(SPE) ýolbaşçylarynyň «tegelek stol» duşuşygy geçiriler. Mundan başga-da,
ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň arasynda
hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekilmegi göz öňünde tutulýar.
Halkara maslahatyň üçünji gününde metan zyňyndylaryny
azaltmak, energiýa netijeliligi we energetikanyň durnukly ösüş ugurlaryna aýratyn
üns çekiler. Şeýle hem «Türkmenistan — Malaýziýa: energetika boýunça
hyzmatdaşlyk» atly «tegelek stol» duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek
metbugat maslahatynda halkara maslahatyň we serginiň jemlerine giňişleýin
garalar.
Görnüşi ýaly, paýtagtymyzda geçirilýän «Türkmenistanyň
nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň giň wekilçilikli
düzümi hem-de meýilleşdirilen çäreleri ählumumy ösüşe täsirini ýetirýän
strategik pudakda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, geljegi uly
taslamalary ilerletmek üçin täze tapgyry açýar.