24 – 28-nji mart
aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde iri halkara
bilim bäsleşigi – ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda VI Açyk
matematika olimpiadasy (Open Mathematical Olympiad for University Students
(OMOUS-2026)) geçirildi.
Ýokary bäsdeşlik
şertlerinde geçen olimpiadada Türkmenistanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň,
Täjigistanyň, Eýranyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Gresiýanyň,
Wengriýanyň we Niderlandlaryň ýokary okuw mekdeplerinden matematika ukyply talyp
ýaşlaryň 600-den gowragy özara bäsleşdiler.
Bäsleşikde «A» we
«B» derejeleri boýunça çykyş eden talyplaryň 338-si şahsy görkezijide dürli
derejeli medallara mynasyp boldular. Toparlaýyn bäsleşiklerde bolsa jemi 34
medal gazanyldy.
Türkmen talyplary
bu bäsleşikde uly üstünlikler gazanyp, iki dereje boýunça jemi 198 medala (33
altyn, 69 kümüş we 96 bürünç) mynasyp boldular. Şeýle hem türkmen ýaşlary
toparlaýyn bäsleşikde ýene-de 13 medaly (2 altyn, 5 kümüş we 6 bürünç)
özleriniň baýraklar goruna goşdular.
Özbegistandan
gelen gatnaşyjylar hem uly rowaçlyklara eýe bolup, olar şahsy bäsleşiklerde 103
medala, toparlaýyn ýaryşda bolsa 10 medala mynasyp boldular.
Russiýaly
talyplaryň şowly çykyşlary olara şahsy birinjilikde 14-si altyn bolan jemi 30
medal, şeýle hem olimpiadanyň toparlaýyn görnüşinde 7 medal getirdi.
Bäsleşikde
Gresiýanyň, Niderlandlaryň, Germaniýanyň we Wengriýanyň talyplary hem
tapawutlanyp, olar şahsy «B» derejesinde 1 altyn medala eýe boldular.
Täjigistanly talyplar bolsa şahsy bäsleşigiň «A» derejesinde 1 altyn we
toparlaýyn tapgyrda 1 bürünç medala mynasyp boldular.
Olimpiadanyň
ýapylyş we sylaglamak dabarasynda ýeňijilere we baýrakly orunlara eýe bolanlara
mynasyp bolan medallary hem-de diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň dowamynda
nygtalyşy ýaly, gatnaşyjylar okuw dersi boýunça taýýarlyk derejesiniň
ýokarydygyny, çylşyrymly matematika meselelerini çözmekde kämil bilimlerini we
ukyplaryny ynamly görkezdiler.
Talyplar we olaryň
ýolbaşçy mugallymlary çäräniň ýokary derejede guralandygy, dürli ýurtlardan
gelen kärdeşleri we dostlary bilen duşuşmaga hem-de tejribe alyşmaga döredilen
mümkinçilikler üçin, şeýle hem türkmen paýtagtynda mähirli garşylandyklary we
Aşgabat şäheri boýunça guralan ýatdan çykmajak gezelençler üçin guramaçylara
tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Her ýyl geçirilýän
bu matematika olimpiadasy ähli gatnaşyjylar üçin aýdyň we ýatdan çykarmajak
waka öwrüldi. Bu halkara bilim bäsleşigi türkmen halkynyň açyklygyny we
myhmansöýerligini ýene bir gezek subut edip, ýurdumyzyň ynamly hem-de
parahatçylyk söýüjilikli gepleşiklere, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygyň we
halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegine
ygrarlydygyny tassyklady.