Düýn – 27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi. Onda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri hem-de ýakynda Samarkantda geçiriljek «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatyndaky ilkinji sammite taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi döwletimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, ählumumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky 20-nji ministrler duşuşygynyň Bilelikdäki Beýanaty kabul edildi.