milli goshun logo
Halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär
13 sagat öň 14 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işinde çagalaryň saglygy, ösüşi, bilimi, durmuş üpjünçiligi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn orun eýeleýändigini aýdyp, BMG-niň hut şu meseleler boýunça işleýän ýöriteleşdirilen edaralarynyň bardygyny kanagatlanma bilen nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň dekabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

D.Şlapaçenko Awazada guraljak halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Dmitriý Şlapaçenko BMG-niň Türkmenistanyň gender deňligini, şol sanda zenanlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna, bilime elýeterliligini üpjün etmek boýunça edýän tagallalaryna ýokary baha berýändigini we goldaýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem-de BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko şu duşuşygyň çagalaryň we zenanlaryň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge itergi berjekdigine ynam bildirdiler.