Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi
tassyklanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň degişli Kararyna gol çekdi.
Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň
Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk
görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de
şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermelidigi
we bu işleri utgaşdyrmalydygy bellenilýär.
Resminama Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk
baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly
ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen kabul edildi.