Düýn – 15-nji maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Daşary işler, Bilim ministrlikleri, ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk kepili, Döwlet baýdagy – halkara parahatçylygyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatyň öňüsyrasynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we kitaplaryň sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Ylmy-amaly maslahatda çykyş edenler milli senenamamyzda orun alan, halkymyzyň buýsanjyny artdyrýan ajaýyp baýramlaryň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen utgaşyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny has-da dabaralandyrýandygyny bellediler.