Şu gün paýtagtymyzdaky
«Ýyldyz» myhmanhanasynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk
esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara dialoga bagyşlanan
maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary,
ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
halkara guramalaryň, birnäçe döwletleriň wekilleri, žurnalistler
gatnaşdylar.
Maslahatda gender
deňligini pugtalandyrmak boýunça halkara derejede amala aşyrylýan
işleriň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol gender deňligini
üpjün etmekde ählumumy tagallalar babatda bilelikdäki hereketleriň
işjeňleşdirilmegine gönükdirilen möhüm çärä öwrüldi. Çykyşlarda
Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky
halkara borçnamalary, bu ugra degişli halkara konwensiýalaryň
düzgünlerini yzygiderli ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerine
üns berildi.
Soňra maslahat
mejlisler arkaly dowam etdi. Dürli ugurlary öz içine alan mejlislerde
gender deňligini, zenanlaryň hukuklaryny ilerletmekde halkara
kanunçylyk kadalarynyň esaslary, olaryň ýerine ýetirilmeginde
parlamentarileriň orny bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Türkmenistan bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
giňeltmäge degişli soraglar hem üns merkezinde boldy.