Şu gün
Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy
pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Türkmenistanyň
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli
serginiň çäklerinde guralan bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak, döwletiň we hususy
bölegiň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Oňa
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara maliýe
institutlarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary,
daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäräniň giň wekilçilikli
düzümi Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine gyzyklanmanyň barha
artýandygyna şaýatlyk edýär.
Forumyň
başynda Türkmenistanda hususy pudagyň ösüşi we geljekki meýilnamalar barada
wideoýazgy görkezildi. Onda türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetimiziň
pugtalandyrylmagyna goşýan goşandy, hususy önüm öndürijileri goldamak babatda
durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň döredýän
mümkinçilikleri barada giňişleýin maglumat berildi.
«Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşinde we maýa goýum
maksatnamasynda hususy pudagyň tutýan orny» atly umumy mejlisde Türkmenistanyň
batly depginler bilen ösüp, dünýäde ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde
ykrarnama eýe bolýandygy bellenildi. Foruma gatnaşyjylar yzygiderli amala
aşyrylýan döwlet maksatnamalarynyň daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly binýady döredýändigini nygtadylar.
Çykyşlarda milli taslamalary durmuşa geçirmegiň netijeli guraly bolup hyzmat
edýän döwlet-hususy hyzmatdaşlygyna aýratyn üns çekildi. Çykyş edenler döwlet
bilen işewürligiň arasynda özara gatnaşyklaryň çeýe ulgamyny döretmegiň ileri
tutulýan ugurdygyny, munuň jemgyýetçilik bähbitlerini telekeçilik başlangyçlary
bilen netijeli utgaşdyrmaga mümkinçilik berýändigini bellediler.
Soňra forumyň
işi «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hem-de döwlet goldawy — ykdysady ösüşiň
girewi» atly bölümçede dowam etdi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda
ýurdumyzda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin amatly hukuk we maliýe
şertleriniň döredilendigine üns çekildi. Foruma gatnaşyjylar ýerli hem-de
daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilýän ýeňillikleriň uzak möhletli maýa
goýumlaryň girdejililigini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini nygtadylar.
«Hususy pudagyň oba hojalygyny ösdürmek boýunça mümkinçilikleri we azyk
howpsuzlygyny üpjün etmekde eýeleýän orny» atly bölümçede bolsa hususy önüm
öndürijileriň ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge goşýan goşandyna üns
berildi. Bilermenler oba hojalyk pudagyny döwrebap tehnologiýalaryň esasynda
ösdürmegiň içerki bazarda azyk bolçulygyny döretmegiň, eksport mümkinçiligini
artdyrmagyň şerti bolup durýandygyny bellediler. Hususy kärhanalaryň oba
hojalyk pudagyna işjeň goşulyşmagy importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge,
sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meselelerini netijeli çözmäge goşant
goşýar.
«Ykdysadyýetiň
hususy pudagy we infrastruktura: gurluşyk, senagat we ulag ulgamlaryna maýa
goýumlar» atly bölümçede Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň
halkara üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýandygy, bu
ugurda hususy pudagyň hem ornunyň barha artýandygy nygtaldy. Şeýle hem ýerli
çig maldan gurluşyk materiallarynyň önümçiligine maýa goýumlary çekmegiň
senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmakdaky ähmiýetine üns çekildi. Tebigy
gazyň çuňňur gaýtadan işlenilmegine, himiýa senagatynyň ösdürilmegine
gönükdirilýän maýa goýumlar ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň hereketlendiriji
güýji bolmagynda galýar. Maýa goýumlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden
peýdalanmak «Sanly Türkmenistan: maýa goýum gurşawynyň kämilleşdirilmegi» atly
bölümçäniň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Foruma gatnaşyjylar
gatnaşyklarda elektron usula geçmegiň, «bir penjire» ulgamynyň
ornaşdyrylmagynyň amallary ep-esli ýeňilleşdirýändigini hem-de ähli işewürlik
prosesleriniň aýdyňlygyny ýokarlandyrýandygyny bellediler. Maliýe pudagynyň we
salgyt ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy halkara maýa goýum bileleşigi üçin özüne
çekiji döwrebap ekoulgamy döredýär.
Foruma daşary
ýurt kompaniýalarynyň we maliýe düzümleriniň wekilleri işjeň gatnaşyp, öz
çykyşlarynda Türkmenistanyň döwletara taslamalary durmuşa geçirmekde uly
mümkinçilikleriniň bardygyny, wekilçilik edýän düzümleriniň ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga gyzyklanma
bildirýändigini nygtadylar. Şunda türkmen bazaryna uzak möhletli, özara
bähbitli hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly ugur hökmünde garalýandygy bellenildi.
Ikitaraplaýyn
duşuşyklaryň dowamynda türkmen telekeçileri we daşary ýurt işewür toparlarynyň
wekilleri kesgitlenen meýilnamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny
nygtadylar. Forum göni gatnaşyklary ýola goýmak, geljekki hyzmatdaşlygyň
ugurlaryny kesgitleýän resminamalaryň toplumyna gol çekmek üçin netijeli
meýdança bolup hyzmat etdi.
Çäräniň
ahyrynda forumyň «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» diýen adynyň diňe bir
şygar bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
amala aşyrylýan anyk strategiýadygy nygtaldy. Gatnaşyjylar forumyň
netijeleriniň ýurdumyzyň gülläp ösmegine uly itergi berjekdigine, onuň ählumumy
ykdysady ulgamdaky ornuny pugtalandyrjakdygyna ynam bildirdiler.