Şu gün Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp zehinli çagalaryň
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet
tapgyry geçirildi.
Bäsleşige gatnaşyjylar, ilki bilen,
Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Bäsleşik Türkmenistanyň Döwlet
senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen başlandy. Çagalar, döredijilik bäsleşiginiň
jemleýji konsertine ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlygyň merjen
däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen
diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan
beýik işleri, şan-şöhratly taryhymyzy we milli medeniýetimizi, bagtyýar
döwranymyzy kalpdan joşup çykýan şirin owazly, çeper many-mazmunly
aýdym-sazlary bilen mynasyp beýan etmekde ýaş nesliň ýollarynyň hemişe ak
bolmagyny arzuw etdi.
Konsert bäsleşige gatnaşyjylaryň
bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym-sazly waspnama bilen başlandy.
Ilkinji gezek uly sahnada çykyş etmek çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak
pursat bolup, olaryň ruhy taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär hem-de sungat
dünýäsine aralaşmagyna ýardam berýär. Milli aýdym-sazlar çagalarda Watany
söýmek, halkymyzyň medeni mirasyna hormat-sarpa goýmak, oňa buýsanmak ýaly
duýgulary terbiýeleýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylar bu ajaýyp
sahnada çykyş etmäge we arzyly arzuwlaryna tarap gadam urmaga mümkinçilik
aldylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde
geçirilýän zehinli çagalaryň festiwaly synaglar we başlangyçlar, täze gözlegler
üçin ajaýyp meýdança bolup, çagalary öz ukyp-başarnyklaryny görkezmäge
ruhlandyrýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna geljekde milli sungatymyzyň
şöhratyny belende göterjek geljekki sahna ussatlary, tans, aýdym-saz we halk
döredijilik toparlary gatnaşdylar. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna
beslenýän ýylda bu döredijilik gözden geçirilişi aýratyn mazmuna eýedir.
Ýaşajyk artistler joşgunly owazlary bilen ýurdumyzy, onuň geçmişini we ajaýyp
şu gününi, zähmetsöýer halkyny, türkmen topragynyň gözel tebigatyny wasp
etdiler.
Konsert türkmen halkynyň ruhy
ýörelgelerini wasp edýän joşgunly çykyşlar bilen dowam etdi. Olaryň
köpöwüşginliligi ýokary baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Owadan bezelen
sahnada iň gowy çykyşlaryň onlarçasy — aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijilik
eserleri, häzirki zaman mukamlary ýerine ýetirildi. Her bir çykyş özboluşly
dabara öwrülip, döredijilik aýratynlygy bilen tapawutlandy. Ýaşajyk zehinleriň
uly joşgun, ylham bilen ýerine ýetiren aýdymdyr tanslary tomaşaçylaryň hiç
birini biparh goýmady. Tomaşaçylaryň ýüzlerçesi ýaşajyk artistleri joşgunly el
çarpyşmalar bilen goldadylar. Çagalaryň kalpdan joşup çykýan owazlary zehinini
ýüze çykarmak we arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän
hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallygyň çeper beýany
bolup ýaňlandy. Olar Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, dost-doganlyk,
ynsanperwerlik, parahatçylyk, bagtyýar durmuş baradaky aýdymlary ýerine
ýetirdiler.
Halk we estrada aýdymlarynyň giňden
wagyz edilmegi arkaly milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilmegi umumymilli çagalar
bäsleşiginiň baş maksadydyr. Şu gezekki konsertiň maksatnamasyna ýaşlaryň
ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän aýdym-sazlar bilen bir
hatarda, milli aýdym-saz medeniýetimiziň köpöwüşginliligini açyp görkezýän
dürli eserler girizildi. Bu konsert ösüp gelýän ýaş nesliň zehininiň
çäksizdigini ýene bir gezek subut etdi.
Emin agzalary bäsleşige
gatnaşyjylaryň iň zehinlilerini saýlap aldylar. Tomaşaçylaryň dowamly el
çarpyşmalarynyň astynda çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary
yglan edildi. Olara diplomlar hem-de döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat
bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik
sowgatlara mynasyp boldular. Uly sahnada çykyş etmek we ýeňiji bolmak çagalary
geljekki döredijilik bäsleşiklerinde üstünliklere, arzyly maksatlaryna ýetmäge
ruhlandyrýar.
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri»
bäsleşigine gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul edip,
ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşy baradaky ýadawsyz aladasy üçin çuňňur
hoşallyklaryny beýan etdiler hem-de yhlasly okajakdyklaryna, döredijilik bilen
yzygiderli meşgullanjakdyklaryna, zehinlerini artdyryp, Watanymyzyň geljegi
üçin mynasyp nesiller bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.