Şu gün ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy
mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat
işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan
eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde «Garaşsyzlygyň merjen
däneleri» bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Konsertiň açylyş
dabarasynda, ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
bäsleşige gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.
Soňra «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine
gatnaşyjylaryň jemleýji konserti boldy. Onda ýerine ýetirilen aýdym-sazly
çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň üstünlikleri, ýurdumyzyň
ajaýyp tebigaty, Watana söýgi, çagalaryň bagtyýar durmuşy wasp edildi. Zehinli
çagalaryň çykyşlary tomaşaçylaryň el çarpyşmalary bilen garşylanyldy.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi: bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Olara Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, noutbuk kompýuterleri, planşetler we degişli diplomlar gowşuryldy. Şeýle-de bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşan çagalaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.