Watan goragçylarynyň
güni mynasybetli dabaralar Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet
Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde geçirilen baýramçylyk
konserti bilen has-da joşgunly häsiýete eýe boldy. Dabaranyň başynda uly
buýsanç bilen Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra baýramçylyk
dabarasynyň geçirilýän ýerinde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna iberen Gutlagy okaldy. Hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň baýramçylyk Gutlagy dabara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da
belende göterdi hem-de harby gullukçylaryň bagtyýar geljege, berkarar döwre
bolan buýsanjyny artdyrdy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi hem-de Döwlet
kasamy ýerine ýetirildi.
Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby
mekdebinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk
dabarasynyň dowamynda «Jebisligiň joşguny» atly edebi-sazly kompozisiýanyň
ýerine ýetirilmegi, hoş owazly aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy Watan goragçylarynyň
kalbynda ýakymly täsir galdyrdy. Edebi-sazly kompozisiýada ýurdumyzyň harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň döwlet berkararlygymyzyň, mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň, dünýäde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň,
halkymyzyň asuda we parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup
durandyklary buýsançly jümleleriň hem-de şygyr setirleriniň üsti bilen beýan
edilýär.
Baýramçylyk
dabarasynda ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar, dabara gatnaşyjylaryň ruhuny
belende göterip, baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Olarda berkarar
döwletimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň, parahatlygynyň waspy belentden
ýetirildi. Aýdymlaryň sazynda, sözünde, heňinde çuňňur watançylyk ruhy möwç
urýar.
Baýramçylyk konsertiniň
ahyrynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň bilelikde
ýerine ýetiren «Arkadagly Gahryman Serdaryma!» diýen jemleýji aýdymy merdana
Watan goragçylarynyň ýürek owazy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe eşretli zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Belent
Serkerdebaşymyza egsilmez alkyş bolup ýaňlandy.